Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalyň bazarlarynda dilegçi çagalar köpelýär, polisiýanyň kowmagy netije bermeýär


Türkmenistanda dilegçilik edýän çagalary köp ýerde görse bolýar, emma döwlet resmileri we habar serişdeleri bu meseläni düýpden gozgamaýar.
Türkmenistanda dilegçilik edýän çagalary köp ýerde görse bolýar, emma döwlet resmileri we habar serişdeleri bu meseläni düýpden gozgamaýar.

Ahal welaýatynyň etrap bazarynda dilegçilik edýän çagalar köpeldi. El serip ýören çagalaryň käbiri okuw esbaplaryna pul soraýan bolsa, beýlekiler suw-çörege mätäçdigini aýdýarlar. Häkimiýetler çagalara basyş etmek bilen meselä çemeleşýärler.

Şu günler Ahalyň etrap bazarlarynda hem alyjylar, hem-de dilegçilik edýän çagalar köp göze ilýär. Azatlygyň ýerli çeşmelerine görä, olaryň köpüsi 12 we 14 ýaş aralygyndaky çagalar.

"Çagalaryň arasynda 'okuw esbaplaryma pul gerek' diýýänlerem bar, 'orta mekdebe gitjek däl, galjak meniň ejem ýaranok, hassa bolup öýde ýatyr' ýa-da 'kakamyz bizi taşlady, başga hojalygy bar' diýän çagalaram kän" diýip, ahally çeşme 6-njy awgustda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy birnäçe çaga bilen söhbetdeş boldy. Çagalar her gün dilegçilik etmäge çykýandygyny, esasan bazarlara we toý mekanlarynyň daşynda adamlardan pul soraýandygyny gürrüň berdiler.

"Başda utanyp, ýüz maskasyny dakynyp, dilegçilik ederdik, özlerimizi tanatmazlyk islärdik, klasdaşymyz gabat gelse gizlenerdik, indi häzir biz her güni edil işe gatnaýan ýaly bazarlarda, soň toý mekanlarynyň daşynda aýlanýarys" diýip, dilegçilik edýän ýetginjek gürrüň berdi.

Dileçilik edýän çagalaryň ýene biri öz maşgalasynda başga girdeji çeşmesiniň ýokdugyny, özüniň dilegçilik edip, tapan puluna çörek we syrkaw ejesine derman satyn alýandygyny aýdýar.

"Meniň ejem syrkaw, ýaranok. Men her güni derman satyn alýaryn, çörek satyn alýaryn. Öýde ejem düşekden zordan aýak ýola turup bilýär, şol sebäpden öýde nahar bişenok, men dilegçilik edip gowy gazansam onda diňe bir çörek däl, ýagly çörek hem alýaryn we ejem bilen iýärin, kä günler diňe suw bilen gury çörek iýýäris" diýip, çaga aýdýar.

Mekdep ýaşyndaky ýene bir çaga işläp, gazanç etmek isleýändigini, emma hiç ýerde işe alynmansoň dilegçilik etmeli bolandygyny gürrüň berdi.

"Men ilki moýkada awtoulag ýuwmak üçin iş sorap bardym, emma niräk barsam 'ýaşyň kiçi, saňa iş ýok' diýdiler. Şeýle-de, häzir uly adamlaram işsiz diýip aýtdylar, iş bermediler. Mende ýekeje çykalgam galdy olam dilegçilik etmek. Men bu ýyl orta mekdebe gitjek däl, sebäbi geýmäne eşigim ýok, okuw esbaplarym ýok, orta mekdebe barsam ilki bilen mugallymlar üstümden gülerler, soň synpdaşlarym" diýip, çaga aýdýar.

14 ýaşly ýene bir ýetginjek, "Men her güni pul tapyp, ejemi eklemeli" diýýär.

Başga bir çaga "menem ejemi ekleýän" diýýär.

"Dilegçilik edip näçe gazansam bir manadynam sowman ejeme eltip berýärin. Meniňem ejem syrkaw, kakam türmede, öýde menden uly we kiçi gyz doganlarym bar. Olar gazanan puluma çörek, pomidor ýaly zatlary satyn alyp naharymyza seredýärler" diýip 12 ýaşly çaga gürrüň berdi.

Etrap ýaşaýjylary we bazar satyjylary dilegçi çagalaryň göz-görtele köpelendigini aýdyp, "öň pensioner adamlar köp el sererdiler, indi çagalar kän" diýýärler.

Ýerli häkimiýetler we polisiýa işgärleri dilegçilik edýän çagalary kowmak ýaly çäreleri görýärler.

"Polisiýa işgärleri bizi kowýar, käte tutup awtoulagyna mündirip, gorkuzýar. Kisämizi barlap, iri pullarymyzy alýar, ýagny 10 manat ýa-da 20 manat çyksa şolary alýar, köpüklerimizi almaýar ýa-da kagyz 1 manatlyk bolsa, olaram almaýar. Şol sebäpden polisiýany görsek edil ezraýyl gören ýaly bolup, gaçýarys" diýip, çaga bazarda dilegçilik edýän çaga gürrüň berýär.

Azatlyk bilen gürleşen ýaşaýjylaryň biri dilegçilik edýän çagalara nebsiniň agyrýandygyny aýdyp, häkimiýetleriň biparhlygyna we polisiýa işgärleriniň rehimsizligine nägile bolýar.

"Çaglar häzirden bazarlarda el sermeli bolýarlar, agyr ýük daşamaga-da kaýyl bolýarlar, bulary polisiýa kowalamaly däl. olar polisiýada pul soranoklar, adaty raýatlardan soraýarlar. Näme etsin çagalar, el sermeseler näme ogurlyk etsinmi!?" diýip, ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanyň hökümet agzalarynyň çykyşlarynda we döwlet mediasynda ýurtdaky garyplyk we çagalaryň dilegçiligi ýaly meseleler düýpden gozgalmaýar.

Şeýle-de, bolsa ýurtda howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ýörite guramalar döredildi. Esasy gurama Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahabat fonduna ýurduň häzirki prezidentiň aýal dogany we öňki prezidentiniň gyzy Oguljahan Atabaýewa başlygyň orunbasary wezipesinde ýolbaşçylyk edýär.

"Ýerli häkimiýetler şular ýaly kyn agyr güni başdan geçirýän çaga köpeldi diýip, ýokaryk habar bermeli we kösenýän çagalar barada Oguljahan Atabaýewa aýdyp, kömek eder ýaly etmeli. Bu meselä çynlakaý ýapyşmaly. Ol bazara gelen çagalary kowalaman, 'irden çörek iýdiňmi' diýip olara kömek etmeli, el uzatmaly" diýip, ýaşaýjylaryň ýene biri öz pikirini paýlaşdy.

Bu aralykda çagalaryny ekläp bilmän internatlara tabşyrýan ene-atalar hem az däl.

"Internatda üç wagtyna naharlanyp bilýärler. Öýde günüň dowamynda gyzgyn nahar bişmeýän günler kän" diýip, bir ene aglap gürrüň berýär. Ýene bir ene "gara işde işläp günümize 30-40 manat alyarys, ol işler hem gündelik tapdyrmaýar" diýýär.

"Toý edilýän restoranlaryň ýanlaryna baryp, çagalarymyza bir okara toýdan nahar soran günlerim hem bolýar" diýip, gözýaşyny saklap bilmän gürrüň berdi.

Türkmen hökümeti ilatyň durmuş derejesini we garyplyk ýagdaýyny görkezýän resmi statistikany çap etmän gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG