Rus goşunlary 7-nji awgust gijesinde Dnipropetrowsk sebitine pilotsyz uçarlar bilen uly zarba urdy.
Dneprde dört adam ýaralandy diýip, Dnepropetrowsk sebit harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak 43 ýaşly erkegiň, 69 ýaşly aýalyň orta agyrlykdaky ýagdaýda keselhana ýerleşdirilendigini habar berdi.
Onuň sözlerine görä, hüjüm netijesinde administratiw bina, awtoulaglar ot aldy (12 awtoulag ýanyp, kül boldy, ýene 17 ulaga zyýan ýetdi). Mundan başga, bir hususy ýaşaýyş jaýy ýumruldy, sekiz jaýa zyýan ýetdi. Ulag kärhanasynyň çäginde hem weýrançylyk bar.
Pawlogradda daça, tomus jaýy, awtoulag ot aldy, Kriwoý Rog etrabynda ulanylmaýan bina, Kriwoý Roguň özünde modul jaý we Sinelnikowski etrabynda liseýiň üçegi, gury otlar ýandy diýip, habarda aýdylýar.
Lysagyň sözlerine görä, öten agşam Dnipropetrowsk sebitinde 33 pilotsyz uçar hüjüm etdi.